- pürkmek
- işlikPürkgüç we ş. m. gural bilen ýa-da agzyna suw alyp sepelemek, sepeläp dökmek.∙ Ýüzüne, kellesine odekolon pürkdi. («Tokmak» žurnaly)∙ Fontany öz ugruna goýberseň, gije-gündizde müňläp tonna nebit pürküp biljek. («Sowet edebiýaty» žurnaly)Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.Meselem pürkmek - pürkdüm, pürkdüň, pürküpdir.◊ ajyňy pürkmek — seret zäheriňi pürkmek∙ Şol ýumruk ýaly garrynyň üstüne ajyňy pürkmäge neneň diliň aýlandy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)◊ gygyny pürkmek — seret gyk∙ Umsagüle gözi düşüp, Pökgi wala-da onuň üstüne gygyny pürkdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ şerebäni pürkmek — seret şerebe∙ Özümi özüm unudýaryň nirä-de bolsa şerebämi pürkesim gelýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)◊ zäheriňi pürkmek — seret zäher
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.